paýlaşyk paý‧la‧şyk

[pa:ýlaşyk]

Özara paýlaşmaklyk bölüşik, üleşik.

  • Ýer-suw paýlaşygynda ony oba şura başlygy saýladylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol şol paýlaşygy göz öňüne getirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bir-iki ýyl geçenden soň, ýer-suw paýlaşygy boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem paýlaşyk - paýlaşygy.


Duş gelýän formalary
  • paýlaşygy
  • paýlaşygyna
  • paýlaşygynam
  • paýlaşygynda
  • paýlaşygyndan
  • paýlaşygyny
  • paýlaşygynyň
  • paýlaşykda
  • paýlaşykdan