[pa:ýlaşmak]
Özara bölüşmek, birnäçe bolup özara üleşmek.
Ertir harman paýlaşýarys. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Duýgudaşlyk bildirişmek, rehimdarlyk edişmek zeýrenişip gynanyşmak.
Ol özüniň ýalňyş ädimlerini, indiki pikirlerini Aýna bilen hem paýlaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kimler agyr günlerini biri-birleri bilen paýlaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)