Akyl ýetirip bilijilik, dury akyllylyk, sagdyn pikirlilik, düşünjelilik, pähimlilik, parasatlylyk.
Ol hemişe iş üstünde görünýär onda paýhaslylyk hem ber. («Häzirki zaman edebiýaty»)
Ol özüniň adamkärçylygy we paýhaslylygy bilen adamlara özüni aldyrdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Mugallym özünüň terbiýelär bu okuwçysynyň paýhaslylygyna, tutanýerliligine guwanýardy. («Bahar»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem paýhaslylyk - paýhaslylygy.