paý

[pa:ý]

  1. Üleşikden, paýlaşykdan düşen bölek, hak, zat, ülüş.

    • Men aý ýaşýança, ýene gidip bir paý alyp geleýin-didi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýer-suwdan paý alamsoň biraz özüm dürsedim. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Umumy işe has bir gatnaşyjy tarapyndan goşulýan goşant.

  3. Toýa gelenlere berilýän her hili zat.

    • Wüşi kel toýdan gelýärdi, ol toýda mergençilik atyşygyna gatnaşyp, birnäçe sapar nyşanany urup, pul hem içine paý düwlen ýaglyk baýraklary alypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Işikden gelene gowaşuçlap paý bererler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

asman paýyňy çekmek

seret asman

bir paý bolmak

Köp bolup paýlaşylýan zatdan almak üçin goşulmak, şärik bolmak.

  • Şol düýäniň eti paýlaşylanda, bular hem ondan bir paý bolup, üleşige goşuldylar. (A. Gowşodow, Powestler we hekaýalar)

paý2

seret pahaý

  • Paý, gorkagy towşan ýürek! -- diýýä maňa gülýär hem öz hyrlysyny doldurýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Paý, hat ýamangiç gelýän eken-ow, aýby ýok! (A. Gowşudow, Eserler)

  • Paý, Amantaç, sen hem gelerime mähetdel-ow! -- diýip, Muham aga lok-lok edip güldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)