paç paç

[pa:ç]

Könelişen söz Bir ýurda getirilýän ýa-da başga welaýata äkidilýän harytlardan alynýan salgyt, gümrük haky, hyraç, şonuň ýaly-da bir döwletiň bakna ýurtlardan alýan salgydy.

  • Paç almak.

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem paç - pajym, pajyň.


Duş gelýän formalary
  • pajy
  • pajym
  • pajyn
  • pajynam
  • pajyny
  • pajynyň
  • pajyň
  • paçdan
  • paçlar
  • paçlara
  • paçlardan
  • paçlary
  • paçlaryna
  • paçlaryndan
  • paçlaryny
  • paçlarynyň
  • paçlaryň
  • paçsyz