pürkmek pürk‧mek işlik

Pürkgüç we ş. m. gural bilen ýa-da agzyna suw alyp sepelemek, sepeläp dökmek.

  • Ýüzüne, kellesine odekolon pürkdi. («Tokmak» žurnaly)

  • Fontany öz ugruna goýberseň, gije-gündizde müňläp tonna nebit pürküp biljek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem pürkmek - pürkdüm, pürkdüň, pürküpdir.

ajyňy pürkmek

seret zäheriňi pürkmek zäheriňi pürkmek

  • Şol ýumruk ýaly garrynyň üstüne ajyňy pürkmäge neneň diliň aýlandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

gygyny pürkmek

seret gyk

  • Umsagüle gözi düşüp, Pökgi wala-da onuň üstüne gygyny pürkdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

şerebäni pürkmek

seret şerebe

  • Özümi özüm unudýaryň nirä-de bolsa şerebämi pürkesim gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

zäheriňi pürkmek

seret zäher


Duş gelýän formalary
  • pürkdi
  • pürkdüler
  • pürker
  • pürkerdi
  • pürkesi
  • pürkjekdi
  • pürkme
  • pürkmedim-de
  • pürkmegem
  • pürkmegi
  • pürkmek
  • pürkmekden
  • pürkmekdir
  • pürkmeklik
  • pürkmekçi
  • pürkmeli
  • pürkmäge
  • pürküp
  • pürküpdir
  • pürküpdirler
  • pürkýän
  • pürkýär
  • pürkýärdi
  • pürkýärdiler
  • pürkýärler
  • pürkýärsiň