päsgel at

Amala aşyrylmaly işiň, bir hereketiň ösüşiň öňüne böwet bolýan bökdenç, garşylyk kynçylyk, böwet.

  • Ýaz ýagşy ilki bilen gowaçanyň tohum almagyna päsgel berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şahyr ösüşi bökdeýän, ösüşe päsgel berýän geçmişiň zyýanly galyndylaryny paş etdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Belki-de, bu häsiýet meniň täze durmuş guramagyma-da päsgel döreder. (R. Alyýew, Sülgüniň hatlary)