pälwanlyk

[pälwa:nlyk]

  1. Pälwan bolmaklyk, örän güýçlülik, zorlulyk.

    • Asla onuň indi onçakly pälwanlygy-da galmandyr, ol lagşapdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ony pälwanlyk däl-de, ýüz manat pul ýa-da märekäniň çetinden bu çetine süýräp gaýdýan matasy gyzykdyrýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Işjeňlik, edermenlik, batyrlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pälwanlyk - pälwanlygy.