pälwan1

[pälwa:n]

  1. Göreş sporty bilen meşgullanýan güýçli, daýaw adam.

    • Jora göreşde kynlyk bilen üstün çykan pälwan uly mazaly derledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Dogrudan-da ol toýlarda orta çykyp göreşýän pälwan eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manydabaşarjaň, iş ussady, edermen, batyr.

    • Hany pälwanlarym başlalyň işe! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sürgüne barýardy dönmez pälwanlar, gözler gözleýärdi göwün syrdaşyn. (R. Alyýew, Kommunizm ýolunda)

zähmet pälwany

seret zähmet

  • Gözel eje gabagyny galdyryp kluby dolduryp oturan zähmet pälwanlaryna göz gezdirdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

pälwan2

[pälwa:n]

  1. Boýuntyrygyň ortasyndan sokulýan ýogyn agaç.

  2. Nawuň bogaldaklary berkidilýän dört sim.

    • Pälwanlar seslenýär it ýaly, Şemal güýjäp ugran wagty mazaly. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)