päl

Adamyň islegi, hyýaly, niýet-pikiri.

  • Siz bu päliňizden el çekin! (Myraly)

  • Dostlar bilen ýeňiş toýny guraryn, ýeňýänçäm barmazlyk pälim, söwdügim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

pes pälli (päli pes)

Kiçi göwünli, men-menlek etmeýän, uly göwünli däl, gopbamsy däl.

  • Geçirer başyndan her hili güni, hoş güni pes päldir, bolmaz men-meni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

päli azan

Erbet pikire düşen, bozuk hyýally.

  • Päli azan tilki hinine bakyp ýürer. (nakyl)

  • Päl asman başa bela gelmez. (nakyl)

päli bozuk

Niýetini erbetlige tutan, päli ters ugra gönükdirilen.

  • Artyk gaňrylyp seredende, Eziz onuň päliniň bozukdygyny bildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

päline görä tapmak

seret päliňden tapmak

  • Ahyry päliňe görä tapyp pis açypsyň. (A. Gowşudow. Mähir-Wepa)

  • Ol tüýs päline görä tapypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

päliňden gaýtmak

Ters edýän hereketiňden işiňden el çekmek, ýaman hyýalyňdan dänmek, toba etmek.

  • Allaly par pälinden gaýdyp, haramzadaçylygyny goýaýypdyr öýdýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

päliňden tapmak

Bolşuňa niýetiňe görä erbet zada sezewar bolmak, uçramak.

  • Düşüşde bolup maslyk bilen ýaragy pälinden tapypdyr päli azan ýagy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

uly pälli (päli uly)

Men-menlik edýän, ýokary göwünli bolan, gopbamsy.

  • Päli uly adam.