ozmak oz‧mak işlik

  1. Öňe geçmek, ýetip ötmek, öň gelmek, birinji ýeri eýelemek (ýaryşda).

    • Ýaryşda ozanyň baýragyna sygyr, göle ýa-da goýun berilýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Tarlaň şu gün ozmalydyr, ol atdan çykan taýdyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Öň hatarda barmak, bir işde, ýaryşda üstün çykmak.

    • Bir-birinden ozjak bolup göreşýär, höwesli gyzykly işiň baryşy. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Hudojnik durmuşdan ozup geçýär we göreldäniň beýik güýjüni peýdalanýan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Egri azar, dogry ozar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ozmak - ozdum, ozduň, ozupdyr.


Duş gelýän formalary
  • ozaly
  • ozalyň
  • ozan
  • ozana
  • ozandyr
  • ozanlar
  • ozanlaram
  • ozanlary
  • ozanlaryň
  • ozany
  • ozanydyr
  • ozanyma
  • ozanyň
  • ozar
  • ozara
  • ozardy
  • ozaýsa
  • ozdugymdyr
  • ozduk
  • ozdy
  • ozjagyny
  • ozjak
  • ozmagy
  • ozmagyndan
  • ozmak
  • ozmakda
  • ozmaklary
  • ozmaly
  • ozmalydyr
  • ozmandy
  • ozmasyn
  • ozsa-da
  • ozsaň
  • ozsaňam
  • ozsun
  • ozup
  • ozýan
  • ozýar