Birnäçe wagt mundan öň, öňki wagtlar, öňler, öň, owal.
Gulluhana iş ynanmak mümkin däl! -- diýip, men ozal size aýtdym ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ozallar çaňlap ýatan bu ýerleri bag-bossançylyga öwürmek üçin 15 sany guýy gazypdyrlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ilki bilen, öňi bilen, owal, öňürti, öň.
Öwez, oglum, bu meýdana gireňde, Ozal sypaýyçylyk etmegiň gerek. («Görogly» eposy)
Şeker Aýnadan ozal Artygyň boýnundan gujaklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ozal belent tutýan ynsan aňyny, Bulut bekläp bilmez onuň öňüni. (N. Pomma, Saýlanan eserler)