owuz

Täze guzlan malyň ilkinji süýdünden bişirilen önüm.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem owuz - owzum, owzuň, owzy.

owuz süýdi

Täze guzlan malyň ilkinji süýdi.

  • Düýesiniň owuz süýdüni sagan Aýna öýe girdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)