owurtlamak işlik

Owurda alyp içmek (suwuklyk hakda).

  • Men onuň göwni üçin çaldan üç-dört owurtladym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Garly ussa käsesine guýan çaýyny owurtlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Stakana suw guýdy-da, ony haýaljak owurtlap içip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ahmedi çaýyndan bir gezek owurtlady-da sözüni dowam etdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)