owurt

  1. Iki ýaňagyň iç ýüzi, iç boşlugy.

    • Ol aşagy dodagyny dişledi, owurtlary ýumralan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Iki owurdyny çörekden dolduryp, sapagyny taýýarlamaýa başlady. («Pioner» žurnaly)

  2. Agyz boşlugy, agyz.

    • A, men bolsam owurdymda suw bar ýaly dymýaryn. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owurt - owurdy.

bir owurtjyk

Azajyk sähelçe (içmek üçin çaý, suw we ş. m. hakda).