owuntyk

Bir zadyň ownujak bölekleri, düwür-düwür bolan bölejikleri, dänesi, külije.

  • Gülendam çörek owuntygyny alyp, elinde mynçgalaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýarylan bombanyň owuntyklary telim ýerimden ýüzleýje ýara salyp gidipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dişiniziň arasyna çörek we et owuntyklary galan mahalynda, ony çöpjagazlar, sim bölejikleri bilen gorjamak bolmaýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owuntyk - owuntygy.