owulmak işlik

  1. Külke bolmak owranmak, maýdalanmak.

    • Jübüsinden owlan temmäki külkesini çykardy.

  2. Owkalanyp mynjyradylmak, ezilmek.

    • Gapyda guma bulaşyp oturan aýnanyň saçlary dagynykdy tozan siňen solgun ýüzi çytykdy gamçy degen symsyklanan göwresi owlupdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem owulmak - owlar, owlupdyr.