owsunlatmak işlik

Owsunyň täsirine düşürmek, özüne çekdirmek.

  • Tamaranyň bütin duýgy damarlaryna jan berýärdi, ony özüne bakan owsunladýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owsunlatmak - owsunladýar, owsunladar, owsunladypdyr.