owsar at

Düýäniň kellesine salynýan demir dişli nogta.

  • Men onuň düýesiniň owsaryndan ýapyşdym, bermejek boldum. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çoluk maýanyň owsaryny hasyr-husur gazykdan çözüp üstüne towsap mündi. («Kolhoz Günleri»)

owsar salmak

Birini özüňe boýun egdirmek, birini garaşly etmek, tabyn etmek.

  • Baýlar baýyňyza owsar salyp nähili etdiler-ä gürrüň bersene!? Eýsem indi sen kelläme owsar salmak isleýärmiň? (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)