ownukly-irili

[ownukly-i:rili]

  1. Ululy-kiçili maýdaly-irili.

    • Ýeke galan şu jaýda ýaşaýan maşgalanyň iki-üç sany ownukly-irili çagalary işikde oýnaýarlar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Şol mahal hem ownukly-irili keýik sürüsi ökje göterip, gözden ýitip gidýärler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Ownuk-uşak ähmiýeti bolan.

    • Şular ýaly ownukly-irili kemçilikler gurluşygyň, birnäçe obýektleriniň wagtynda gutarylmagyna päsgel berýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)