ownuk

  1. Iri däl, uly däl, uşak.

    • Ownuk galalaryň hanlary-da-öz nökerleri bilen muňa goşulyp bile gaýdýarlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ozalky onbir sany ownuk ýabyň deregine kanal salyndy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Drob sanlar tutuş bir zadyň ownuk bölegini görkezýärler.

  2. Ähmiýeti bolmadyk, ujypsyz, ugursyz.

    • Onuň özüni alyp barşynda enäniň ünsüni özüne çekýän kän ownuk zatlar peýda boldy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Ownuk mesele, ownuk gürrüň, ownuk alada.

  3. Jemgyýetçilik we ykdysady taýdan ähmiýeti uly bolmadyk kuwwaty az bolan.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ownuk - ownugy.

ownuk adam

seret adam