owmak işlik

  1. Bir zady eliň bilen owkalap mynjyratmak, kül etmek.

    • Gumy owup görýär hem-de ysgaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zady owkalap ezmek.

    • Gurt owup taýýarlan gatygyny gatyp, naharlaryny berdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Selmämi owup öýüme girdim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem owmak - owdum, owduň, owupdyr.


Duş gelýän formalary
  • owaly
  • owam
  • owan
  • owanlygy
  • owanyň
  • owasy
  • owmaga
  • owmak
  • owmaly
  • owsam
  • owsun
  • owsunlar
  • owup