owlak

Zoologiýa Geçiniň, keýigiň alty aýlyga çenli çagasy.

  • Ol, jeren owlagynyň ulalandan soň hem çöli ýadyndan çykarmaýşy ýaly, obany unutmaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bökjekleşýär marallaryň owlagy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owlak - owlagy.

ak geçiniň owlagy

Özgelerden «artyk».

  • Daňatar --arçynyň ogly boldugy, ak geçiniň owlagy boldugymy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)