owkat

[owka:t]

  1. Gün-güzeran ýaşaýyş üçün iýmit.

    • Men seniň dokanja biz alaçarňy satyp, owkat edip otyryn. («Görogly» eposy)

  2. Dialektal söz Nahar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owkat - owkady.


Duş gelýän formalary
  • owkadymyza
  • owkadyň
  • owkatdy
  • owkatdyr
  • owkatmyşmy