owaz at

[owa:z]

  1. Bogaz perdeleriniň titremegi netijesinde emele gelýän ses.

    • Daşarda bir adamzadyň owazy gelýär. («Görogly» eposy)

    • Çekimli sesler diňe owazdan ybaratdyr.

  2. Sazyň, aýdymyň ýakymly labzy sesi.

    • Owazyň dolduryp töwerek-daşa, gyzykly heňleri çalgyn, tüýdügim! (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  3. Bir zadyň güňleç sesi.

    • Birdenkä gudogyň batly owazy şähere ýaýrap gitdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  4. Bir zat hakda bolan habar, gürrüň.