owarra

Daş aralyk, uzak aralyk, uzak ýer, daş, uzak.

  • Öýüň gapdalynda suw barka, ony owarradan ýük edinip getirmegiň geregi ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Geljek harasat özümi owarra alyp gidermikäm -- diýip pikirlenýärin. («Mydam taýýar» gazeti)

owarra bolmak

Gümüňi çekmek, ýok bolmak, jähennem bolmak, ygyp gitmek.

  • Ýeri, owarra bolsana, gyz! Saňa näme gerek? Potdy, özbaşyňa ýaňrap durmada owarra bol! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

owarra etmek

Ýok etmek, güm etmek.

  • Owarra et, ýaraşmaz konsomollyk adyňa. (D. Agamämmedow, Goşgular We Pýesalar)


Duş gelýän formalary
  • owarrada
  • owarradan
  • owarralara
  • owarram
  • owarrama
  • owarrasy
  • owarraňy