owadanlyk

  1. Daş görnüşi boýunça görklülik, görmegeýlik.

    • Şeker, dünýäde owadanlyk adama kawägt betbagtlyk hem getirýär ekeni! (R. Aliýew, Sülgüniň Hatlary)

    • Berdiniň daş görnüşinde bir hili gelşiklik, owadanlyk peýda bolupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gelşiklilik, timarlylyk, rejelilik, gözellik, bezeglilik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem owadanlyk - owadanlygy.