oturtmak işlik

  1. Iki dyzyňy epdirip bir ýerde ornaşdyrmak.

    • Şeker eje çagalary öýüň içinde oturdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Bu sapar gyzy töre geçirip oturdy-da, özi tamyň içinde gezmelemäge başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ösümligi bir ýerden başga bir ýere geçirip ekmek, sançmak.

    • Indi biz ýakyn günlerde nahal oturtmaga girişjek. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Öňürti bu ýeri üç-dört gezek sürüp, soň şaly şitilini oturdýarlar. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  3. Bir zady bir ýere berkitmek, bir ýere eltip gurmak.

    • Olar pionerler öýüniň ýedi ýerinde zadiýonokat oturtdylar. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oturtmak - oturdýar, oturdar, oturdypdyr.

tüňçe oturtmak

seret tüňçe

  • Men ýaňyja tüňçe oturtdym.