oturmak işlik

  1. Iki dyzyňy epip, bir ýerde ornaşmak.

    • Wepa bilen Kelje bolup duran wakany synlap, bir gapdalda oturdylar. («Tokmak» žurnaly)

  2. Belli bir ýagdaýda bolmak, bir zat bilen meşgul bolmak.

  3. Kömekçi işlik funksiýasynda ysynyşyp gelnen işligi bilen birlikde gymyldynyň başlanyşyny, dowamlylygynyň hem-de çylşyrymly häzirki zamany görkezýän işlik.

    • Işläp oturmak, gülüp oturmak, ylgap oturmak, öwnüp oturmak, gidip oturmak.

maňza oturmak

seret maňyz

  • Şäkerkomyň aýdan sözleri onuň maňzyna oturdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

pisindi oturmak

seret pisint

  • Ýigide kapitanyň derrew pisindi oturdy. («Mydam Taýýar» gazeti)