oturgyç

Oturmak üçin ýasalan arkasyz gaty mebeliň bir görnüşi.

  • Ol oturgyçda oturdy-da nämedir bir zat barasynda pikir etmäge başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ortanjy otagda bir iki sany oturgyç dur. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem oturgyç - oturgyjy.


Duş gelýän formalary
  • oturgyja
  • oturgyjy
  • oturgyjy-da
  • oturgyjym
  • oturgyjymda
  • oturgyjymy
  • oturgyjyna
  • oturgyjynam
  • oturgyjynda
  • oturgyjyndan
  • oturgyjyny
  • oturgyjynyň
  • oturgyjynyňam
  • oturgyjyň
  • oturgyçda
  • oturgyçdaky
  • oturgyçdan
  • oturgyçlar
  • oturgyçlara
  • oturgyçlarda
  • oturgyçlardan
  • oturgyçlary
  • oturgyçlaryna
  • oturgyçlaryndan
  • oturgyçlaryny
  • oturgyçlarynyň
  • oturgyçlaryň
  • oturgyçly
  • oturgyçsyz