otukmak işlik

Ot otlap, iým iýmegi öwrenmek.

  • Otugan göleler dürüşdäni iýip mydar edýärler. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem otukmak - otugýar, otugar, otugypdyr.

nebsi otugmak

seret nebis

  • Ol täzeden bäri nebsi otugyp, peýdasyny bilip başlapdyr. («Tokmak» žurnaly)