otly sypat

[o:tly]

  1. Ody bar bolan, ot ýanyp duran.

    • Gowaçalaryň içine girseň, otly tamdyra kelle sokan ýaly hopukdyrýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gepleşik dili Lokomotiwiň herekete getirýän demir ýol wagonlarynyň sostawy, poýezd.

    • Şäher görmek, otla münmek meselesi ony höweslendirip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem otly - otluda, otlular, otlusy.

otly köýnek geýmek

seret köýnek

  • Ballynyň soňky sözi oňa belli-beter hem otly köýnek geýdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)