otluk ot‧luk 1 at

Otuň köp ösen ýeri, otly öri meýdany, çemenlik.

  • Şäherden saýlanan üsti açyk maşyn kä oýmur-oýmur otluk meýdanyň, käte-de bölek-bölek gür tokaýlygyň içinden çaltlyk bilen süýnüp barýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem otluk - otlugy.

otluk ot‧luk 2 at

[o:tluk]

Semawaryň turbasynyň düýbündäki üstünde ot ýanýan deşik-deşik ýel çekeri.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem otluk - otlugy.


Duş gelýän formalary
  • otluga
  • otlugy
  • otlugyna
  • otlugyny
  • otlugynyň
  • otlugyň
  • otlukda
  • otlukdan
  • otlukdy
  • otluklar
  • otluklardan
  • otlukly
  • otluklydy