otlamak1 işlik

Örä çykmak, ot iýmek.

  • Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawullyk çekýär. (A. Gowşudow, Eserler)

agza gelenini otlamak

Bolgusyz ýaňramak, gürlemek, samramak.

otlamak2 işlik

[o:tlamak]

  1. Bir zada ot bermek, bir zady ýakmak, ýandyrmak, tutaşdyrmak.

    • Olar gapylaryndaky çöplemelerini otlajak boldular. (B. Kerbaýew Japbaklar)

    • Elindäki ody öçüp giden papirasyny ýere taşlap täzesini otlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Tokaý otla at gazan. (nakyl)

  2. Herekete getirmek, işletmek, ýöretmek (içinden ot alýan dwigateller barada).

    • Aýsoltan: --Patdy maşyny otlasana! -- diýip, oňa igendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Oka tutmak, atmak, öldürmek.

    • Duşmany rehimsiz otlamak gerek. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Gepleşik dili Çürkemek, kösemek, işini görmek.