otarmak işlik

Maly meýdana goýberip bakmak, öri meýdanynda bakmak, otlatmak.

  • Haçan dünýä ýüzünden möjegiň tohumy kesilip, biz arkaýyn goýunlarymyzy otaryp bilerkäk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

agza gelenini otarmak

seret agyz

  • Sen öz mesligiňe aýtman, agzyňa gelenini otarýarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

erteki otarmak

seret erteki

  • Entek erteki otarmaga wagt ýok. (A. Gowşudow, Eserler)

garyn otarmak

seret garyn

  • Men tudanadan bir garnymy otaraýyn. («Tokmak» žurnaly)