ot ot 1 at

Botanika Näzijek gök baldakly ösümlikler.

  • Ýaňyja gögeren ýaş otlar dürterişip galyp, ýeriň ýüzi çalaja ýaşyl öwüsýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Giň meýdanyň oty parç bolup, gök ýaşyl bezenipdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Sygryna ot döküp ýören Berdi agany çagyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ot - otum, otuň.

ot ot 2 at

[o:t]

Ýokary temperaturaly ýanyp, ýagty berýän gaz, ýalyn.

  • Ol ot başynda eli gazýetli otyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ody gorjasaň-öçer, goňşyny gozgasaň göçer. (nakyl)

  • Uçgundan ot dörär. (nakyl)

  • Ody özüňe bas, ötmese-kesekä. (nakyl)

  • Ot bolmadyk ýerde tüsse bolmaz. (nakyl)

  • Ýaz diýip otsuz gezme, gyş diýip --suwsuz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ot - odum, oduň.

gahar oduny öçürmek

seret gahar

janyňa ot salmak

seret jan

  • Şum habar getiren bu otlukly hat, Ýagmyryň janyna salypdy bir ot. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

oda urmak

Zadyňy nebsiň agyrar ýaly dereksiz sowmak, biderek harçlamak.

ot açmak

Ok atmak, gülle, ok ýagdyrmak, atyşmak.

  • Gyzyl artilleriýa aklaryň pozisiýasyna bakan ot açdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ot almak

  1. Tutaşyp ýanmak.

    • Ol enjamlaryň ot almak häsiýetleri bar. («Tokmak» žurnaly)

  2. Ynjalyksyzlanmak, ynjalygy ýitirmek.

ot bermek

  1. Bir zady otlamak.

  2. Meçew bermek, öjükdirmek, küşgürmek.

    • Maňada ot berip goýberen şol deýýus boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ot gorsamak

  1. Bezzatçylyk etmek, garagolluk etmek, ýakymsyzlyk etmek ulukjyn bermek.

  2. Janygyp işläp gazanç etmek.

    • Iliň seniň ýaly ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ot sowurmak

  1. Atyşyk etmek, ok atmak atyşmak.

  2. Haýýarlyk etmek, şermendelik etmek gyk-bak etmek.

ot-elek bolmak

  1. seret ot-elek

  2. Ot ýakdyrmazlyk öz gününe goýmazlyk, rahatlyk bermezlik, azar bermeklik.

    • Bu zaňňaz bize ot ýakdyrmaýar. («Görogly eposy»)

    • Sen iru-giç ile ot ýakdyrmaýan, tüýkesme ogry ýa-da garakçy bolarsyň. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

sönen ody ölçermek

Köne derdi gozgamak, köne gürrüňi ýatlamak.

  • Ol uludan demini aldyda -- Siz biz meniň sönen odumy ölçermäň! -- diýip hamsygyp öýe girdi.

şaman ody

Köne wagtda uly ot ýanyp «günäňi» dökmek üçin üstünden bökmek däbi.

yşyk ody

seret yşyk

  • Maňa yşykyň ody ýetdi. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

ýürek ody

seret ot 1


Duş gelýän formalary
  • ot-da
  • ota
  • otam
  • otda
  • otdaky
  • otdan
  • otdanmy
  • otdur
  • otdy
  • otja
  • otlam
  • otlar
  • otlar-da
  • otlara
  • otlaram
  • otlarda
  • otlardan
  • otlardy
  • otlardylar
  • otlardym
  • otlardyr
  • otlarmyş
  • otlary
  • otlarydyr
  • otlarymy
  • otlaryn
  • otlaryna
  • otlaryndan
  • otlaryndanam
  • otlaryny
  • otlarynyň
  • otlaryň
  • otlaryňam
  • otluga
  • otlugy
  • otlugyna
  • otlugyny
  • otlugynyň
  • otlugyň
  • otluk
  • otlukda
  • otlukdan
  • otlukdy
  • otlular
  • otlulara
  • otlularam
  • otlularda
  • otlulary
  • otlularyna
  • otlularyny
  • otlularyň
  • otlunyň
  • otly
  • otlymyz
  • otlysy
  • otlyň
  • otlyňyz
  • otmuş
  • otsuz
  • otumy
  • otumyz
  • otumyzyňam
  • otumyň
  • otun
  • otuna
  • otunda
  • otundan
  • otuny
  • otuny-da
  • otunyň
  • otuň
  • otuňam
  • otuňy
  • otuňyz
  • oty
  • oty-da