orun at

  1. Ýerleşmek, jaýlaşmak, oturmak üçin ýer, jaý.

    • Podpolkownik-Oturyň! -- diýip orun görkezdi. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Ýagşy ýigit, şu orunlar boşmy? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýer, derek, öwez.

    • Meniň ornuma has güýçlüräk, ruhy taýdan has berkräk täze ýoldaşlaryň geljegine ynanýaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Wezipe, gulluk.

    • Onuň ýokary wezipeli adamlardan biri bolup, jogapkärli orunda işleýändigi bellidi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Ýaryşda eýe bolnan ýer.

    • Ol üçünji orna mynasyp bolan pälwandy. («Pinoer» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem orun - ornum, ornuň, orny.

orun doldurgyjy

Grammatik termin «Kimde? Nämede? Nirede?» diýen soraglara jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň ornuny görkezýän grammatik kategoriýa.