orta

  1. Bir zadyň merkezi, ortarasy, aralyk.

    • Obanyň illeri olary orta aldy.

  2. Bir zadyň aramlyk derejesi, aralyk.

    • Olaryň biri garrydy, biri orta ýaş çemesindedi. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Halynyň dokalyşy orta halda diýilip tapyldy.

    • Orta boýly ýigit.

  3. Kömekçi söz rolunda.

    • Goçmyrat köçäniň ortasyndan parahat barýar. («Tokmak» Žurnaly.)

orta almak

  1. Töweregine aýlanmak, daşyny gabamak.

  2. Ýerli-ýerden käýemek, sögmek.

orta asyr

seret asyr

orta atmak

seret orta goýmak

  • Aknabat eje Annagulyny öýermek meselesini orta atdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gürrüňiň gyzykly ýerinde şorta sözüni orta atýar. (A. Gowşudow, Eserler)

orta bilim

seret bilim

orta çykmak

Zähmetde özüňi görkezip, beýlekilerden özüňi tapawutlandyrmak.

  • Zarpçy adyn alyp orta çykanlar, Hemmäňe kän salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

orta goýmak

Bir meselä köpçüligiň ünsüni çekmek, köpçüligiň seretmegine garamagyna goýmak.

orta hasap bilen

Çak bilen, çen bilen, takmynan.

orta mekdep

seret mekdep