ornamak işlik

  1. Bir ýerde berkemek, kök urmak, ýerleşmek, siňmek.

  2. Täsir etmek, täsiri ýetmek.

    • Artyk türme naçalnigine ýumrugyny gezemek isledi, emma eliniň awusy ýüregine ornady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

etden geçip süňke ornamak

seret et

  • Küle, seniň gykylygyň indi meniň etimden ötüp, süňküme ornady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)