orda

  1. Taryh termini Çingiz hanyň mongol derjawasy böleklere bölünenden soňky döwleti emele getirýän bölekleriň ady.

  2. Göçme manyda Tarakçylar we ş. m. tapary, sürüsi, ýygyn banda.

    • Çingiziň ordasy gözel şäheri haraba halyna aýlandyrypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Halkym agaýana dynç ýaşaýardy üstümize faşist ordasy çozdy. (R. Seýidow. Saýlanan eserler)

    • Aşak ýöredim welin, möjek ordasynyň üstünden bardym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)