orak

  1. Galla ekinleri ormak ýa da ot ýygmak üçin ulanylýan dişli egri el guraly.

    • Bir tarap da köne oraklar, döwük piller üýşürilip goýlupdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Oba hojalyga degişli Galla hasyly ýygnalýan möwsüm, ýygym döwri.

    • Şu ýyl oraga çenli gallam azlyk edäýjek ýaly görünýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Orak hasaby boýunça gyşyň togsany öten agşam doldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem orak - oragy.