onýyllyk

[o:nýyllyk]

  1. On ýyl okalyp gutarylan doly orta mekdep.

    • Kolhozyň on ýyllyk mekdebiniň giň äpişgeli, iki gat beýik jaýy bar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir taryhy wakanyň bolup geçenine on ýyl dolandan soň dabara bilen bellenýän sene.

    • Onýyllyk ýubileý.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem onýyllyk - onýyllygy.


Duş gelýän formalary
  • onýyllyga
  • onýyllygy
  • onýyllygyna
  • onýyllygynda
  • onýyllygyny
  • onýyllygynyň
  • onýyllygyň
  • onýyllykda
  • onýyllykdaky
  • onýyllykdan
  • onýyllyklar
  • onýyllyklara
  • onýyllyklarda
  • onýyllyklardaky
  • onýyllyklardan
  • onýyllyklary
  • onýyllyklarynda
  • onýyllyklarynyň
  • onýyllyklaryň