omuz

  1. Anatomiýa Bedeniň boýun bilen gol aralygyndaky bölegi, egin, gerden.

    • Hoşgeldi gaýyş ýanjygyny omzundan açyp jaýa gitdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Egin-eşigiň ýakasy bilen eniň aralygyndaky bölegi.

    • Daýaw ýigidiň şineliniň omzunda ofiser pagony bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem omuz - omzum, omzuň, omzy.