okuwly sypat

Okuw öwrenen bilim alan, ylymly, okumyş.

  • Gajar aganyň dostlarynyň hemmesi okuwly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişipdirler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Eje, uly il öz maşgalalaryny okuwly, ylymly etjek bolup jan edýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)