oklamak1 işlik

Bir zady bir ýer zyňmak, taşlamak.

  • Olar gykuwlaşyp, telpeklerini göge oklamaga başladylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aman aga sakgaldaşynyň kädisini oňa oklady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

oklamak2 işlik

Ot açýan ýaraglaryň agzyna ok bermek, ok doldurmak, ok sürmek.

  • Bolgusyz gürrüňleri goý-da tüpeňleri okla! («Türkmen Pýesalary»)