oklaşdyrmak1 işlik

Yzly-yzyna oklamak, hemmesini taşlap çykmak.

  • Ol gyýkyndy demirleri bir böwre oklaşdyryp durmakdan başga iş etmedi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Çöregiň ýeke-ýekeden arkasyny gazaşdyryp saçagyň üstüne oklaşdyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

oklaşdyrmak2 işlik

Ok salyp çykmak, hemmesini oklamak, ok dolduryşdyrmak.