okgunly sypat

  1. Örän çalt, çalasyn hereket edýän, hyjuwly.

    • Arap atlylary duşmanyň üstüne örän okgunly çozupdyrlar. («Orta Asyrlar Taryhy»)

    • Sirus okgunly böküp, onuň golundan tudy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  2. Göçme manyda Örän ýiti, güýçli.

    • Okgunly sözleri, örüm saçlary tor bolupdyr Akmyradyň daşyna. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Ilmyradyň şadyýan okgunly aýdymy uzak wagtlap ýadymdan çykmaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)