okatmak işlik

  1. Birine okamaga bermek.

    • Bir gün Sähet Wepadan gelen haty oba oglanyň birine okatmaçy bolanda, Gylyç mergeni hem çagyrdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Birine sowat öwretmek, bilim bermek, ýazyp-bozmagy öwretmek.

    • Onuň esasy käri oglan okatmak we edebi döredijilik işi bilen meşgullanmak bolupdyr. («Edebiýat»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem okatmak - okadýar, okadar, okadypdyr.