okamak işlik

  1. Ýazylan ýazgyny, haty sesli beýan etmek ýa-da sesiz gözden geçirmek.

    • Gazeti çaý başynda okasaň lezzeti aýry bolýar maňzyňa oturýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bilim öwrenmek, ylymly bolmak üçin okuw bilen meşgullanmak, sowat, bilim almak.

    • Ol okap-okap agranomçylyga ýetip heniz kolhoz ýerlerine timar berip başlamanka bolsa, öz bilýäniň, uruş başlandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bir okana bir-de dokana. (nakyl)

    • Okan ozar, okamadyk tozar. (nakyl)

  3. Auditoriýada, märekäniň öňünde bir zat barada çykyş etmek.

    • Lektor halkara ýagdaýy hakynda leksiýa okady.

  4. Dini söz Dem salmak «küp-çüf» etmek.

alkyş okamak

seret alkyş

suw ýaly okamak

Sakynman gowy okap bilmek.

takal okamak

seret takal