okaşmak işlik

  1. Birnäçe bolup bilelikde okamak, okamaga kömekleşmek.

    • Olaryň hemmesi Rejebiň ýoldaşlary, agşamlaryna bile kitap okaşan, işleşen çagalardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Birnäçe bolup bilelikde okuw okamak, sowat öwrenmek, bilim almak.

    • Oglan-gyzlary okaşyp ýör garyşyp, yhlas bilen ylym alýar ýaryşyp. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

dogan okaşmak

seret dogan

  • Biz seniň bilen dogan okaşypdyk ahyry. («Türkmen Pýesalary»)

  • Güljemal han Ak patyşa bilen dogan okaşanmyşyn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)